Gazagystanda Täze Hökümet Guruldy

Askar Mamin Premýer ministr hökmünde wezipesini dowam etdirer

1566449
Gazagystanda Täze Hökümet Guruldy

Gazagystanda 10-njy ýanwarda geçirlen parlament saýlawyndan soň Askar Maminiň ýolbaşçylygynda täze hökümet guruldy.

Gazagystanyň Prezidenti Kasym Jömert Tokaýew, ýurtda täze hökümetiň gurulmagy baradaky kararnamany tassyklady.

10-njy ýanwarda geçirlen parlament saýlawyndan soň ýurtda täze gurlan hökümetde Askar Mamin Premýer ministr hökmünde wezipesini dowam etdirer.

Alihan Smailow, Roman Sklýar we Ýerali Tugjanow wise-premýerler hökmünde wezipelerini dowam etdirer.

Gazak hökümeti, 10-njy ýanwarda geçirlen parlament saýlawyndan soň 15-nji ýanwarda täze hökümetiň gurulmagy üçin wezipesinden çekilipdi.



Degişli Habarlar