Azerbaýjanyň goşunlaryndan Daglyk Garabag Operasiýasynda 2 Müň 841 Esger Şehit Boldy
Ministrlik 64 esgeriň hem dereksiz ýitendigini mälim etdi

Daglyk Garabagyň basyp alyşlykdan halas edilmegi üçin Azerbaýjanyň goşunlary tarapyndan guralan operasiýada 2 müň 841 esger şehit boldy.
Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi, 27-nji sentýabrda başlan we 10-njy noýabrda Ermenistanyň ýeňilendigini kabul etmegi bilen bes edilen söweşde çekilen ýitgi hakynda maglumat berdi.
Söweşde ozal 2 müň 823 esgeriň şehit bolandygy habar berlipdi. Söweşde ýogalanlaryň şahsyýetleriniň anyklanmagy bilen birlikde şehit esgerleriň sany 2 müň 841-e ýetdi.
Ministrlik 64 esgeriň hem dereksiz ýitendigini mälim etdi.
Azerbaýjanyň goşunlarynyň 27-nji sentýabrda başladan operasiýasynda 5 şäher merkeziniň, 4 şäherçäniň we 286 obanyň basyp alyşlykdan halas edilmeginden soň Ermenistan ýeňilendigini kabul edipdi we basyp alyşlygy astyndaky Agdam, Laçyn we Kelbejer welaýatlaryndan hem çekilipdi.
Ermenistanyň goşunlary 20-njy noýabrda Agdamdan, 25-nji noýabrda Kelbejerden we 1-nji dekabrda hem Laçyndan çekilipdi.
Degişli Habarlar

Prezident Erdogan, Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik geçirdi
Iki lider özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara meseleler hakynda pikir alyşdy

Ilham Aliýew, Fuzuli Şäherinde Täze Howa Menziliniň Gurluşygyna Badalga Berdi
"Howa menzili halkara ülňülerine laýyklykda gurlar we 1 ýylda ulanylmaga berler"