Gazagystanda Geçirlen Saýlawda Nur-Otan Partiýasy Üstünlik Gazandy
Saýlawda Nur-Otan partiýasy sesleriň 71,09, Ak Žol partiýasy 10,95, Gazagystan Halk partiýasy bolsa 9,10 göterimini aldy.
Gazagistanda geçirlen parlament saýlawynyň netijeleri belli boldy.
Gazagystanyň Merkezi saýlaw komissiýasy, 2021-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda geçirlen parlament saýlawynyň anyk netijelerini beýan etdi.
Saýlawda Nur-Otan partiýasy sesleriň 71,09, Ak Žol partiýasy 10,95, Gazagystan Halk partiýasy bolsa 9,10 göterimini aldy.
Saýlawyň netijelerine görä, Nur-Otan partiýasy 76, Ak Žol partiýasy 12, Gazagystan Halk partiýasy 10 halk deputaty bilen mejlisde 5 ýylyň dowamynda iş alyp barar.
Gazagystanyň Prezidenti Kasym Jömert Tokaýew döwründe geçirlen ilkinji parlament saýlawynda 7 million 241 müň 562 saýlawçy ses berdi.
Gazagystanyň garaşsyzlygyna eýe bolmagyndan soň ilkinji gezek Konstitutsynda göz öňünde tutulan wagtda geçirlen saýlawda 5 partiýadan 90-y zenan jemi 312 dalaşgär bäsleşdi.
Degişli Habarlar

Prezident Erdogan, Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik geçirdi
Iki lider özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara meseleler hakynda pikir alyşdy

Ilham Aliýew, Fuzuli Şäherinde Täze Howa Menziliniň Gurluşygyna Badalga Berdi
"Howa menzili halkara ülňülerine laýyklykda gurlar we 1 ýylda ulanylmaga berler"