Ersin Tatar Jeýn Holl Luteni kabul etdi

DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar: "Ata Watan Türkiýe bilen doly maslahatlaşýarys we ylalaşyk içindediris" diýip belledi

1561722
Ersin Tatar Jeýn Holl Luteni kabul etdi
KKTC Cumhurbaşkanı Ersin Tatar Jane Holl Lute.jpg
KKTC Cumhurbaşkanı Ersin Tatar BM Üst Düzey Görevlisi Jane Holl Lute.jpg

DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar, BMG-nyň Baş sekretarynyň Kipr boýunça ýörite maslahatçysy Jeýn Holl Luteni kabul etdi. 

Kipr türk tarapynyň, mundan soň geçiriljek duşuşyklarda, Türkiýe bilen hem geňeşmeler geçirip, özygtyýarly deňligiň esasynda, bilelikde ýaşaýan iki döwlet hökmünde gepleşikler geçirip biljekdiklerini anyk ýagdaýda orta goýandyklaryny aýdan Ersin Tatar: "Biz bu etaba Türkiýe bilen bilelikde gözegçilik edýäris. Kipr türk tarapy hökmünde dowamly häsýetde Ankara bilen aragatnaşyk içindediris" diýip habar berdi. 

Ersin Tatar: "Bu duşuşygyň geçirilmeginden hoşaldyryn. Beýleki tarapda bolsa bize çynlakaý çemeleşen we biziň näme aýdýandygymyzy gowy edip analiz edeninden soň bu ýere gelip duşuşyk geçiren Lute bar. Bu biziň bu etapda käbir zatlaryň hötdesinden gelendigimiziň görkezijisidir. Möhletinden ir aýtmak dogry däl welin, emma dünýä indi Kiprdäki hakykatlary has gowy göz ýetirmäge başlady. Elbetde Ata Watan Türkiýe bilen doly maslahatlaşýarys we ylalaşyk içindediris. Sebitleýin parahatçylyk, durnuklylyk we her kimiň bähbitli çykmagy üçin akyl we logika ýoly bilen bu işi dolandyrmalydyrys. Türkiýe bilen 100 göterim içinde işleşmek bilen häzirki wagtda miwelerini almaga başlandygymyzy görýärin" diýip nygtady. 


Etiketkalar: #DKTR , #Ersin Tatar

Degişli Habarlar