Azerbaýjan Söweş Gahrymanlaryna Kömek Üçin Türk Lukmanlary Bilen Işleşer

Bu barasynda Azerbaýdanyň Goranmak ministrliginiň beýannamasyda aýdylýar

1561534
Azerbaýjan Söweş Gahrymanlaryna Kömek Üçin Türk Lukmanlary Bilen Işleşer

Azerbaýdan Daglyk Garabag söweşine gatnaşan esgerlere, söweşde aradan çykanlaryň hossarlaryna we Ermenistanyň hüjümlerinde ýitgi çeken asuda ilata kömek bermek üçin türk lukmanlary bilen işleşer.

Azerbaýjanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi Azerbaýjanyň goşunlarynyň watany goramak üçin başladan operasiýasyndan soň käbir esgerlerde, söweşde aradan çykanlaryň hossarlarynda we hüjümlerde ýitgi çeken ilatda depressiýa, uýkusyzlyk, agressiýa we başga ýarawsyzlyklaryň ýüze çykandygyny beýan etdi.

Ministrligiň tiz kömek telefon liniýalaryny açandygyny, söweş sebäpli psihiki kynçylyklar çekýänleriň 24 sagadyň dowamda işleýän şol liniýadan peýdalanyp, psihologlara ýüz tutup biljekdikleri habar berildi.

Ministrligiň hünarmen psihologik kömege mätäç adamlaryň netijeli bejergisi üçin Türkiýeden 20 hünärmen psiholog çagyrandygy beýan edilip, türk lukmanlary bilen işleşiljekdigi mälim edildi.

 



Degişli Habarlar