Gyrgyz Respublikasynda Geçirlen Prezident Saýlawynda Sadyr Japarow Üstünlik Gazandy

Saýlawynyň resmi bolmadyk netijelerine görä, sesleriň 79,18 göterimini alan ozalky Premýer ministr Sadyr Japarow üstünlik gazandy.

1560990
Gyrgyz Respublikasynda Geçirlen Prezident Saýlawynda Sadyr Japarow Üstünlik Gazandy

 

Gyrgyz Respublikasynda geçirlen prezident saýlawynyň resmi bolmadyk netijelerine görä, sesleriň 79,18 göterimini alan ozalky Premýer ministr Sadyr Japarow üstünlik gazandy.

Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy Nurjan Şaildabekowa, 2 müň 474 saýlaw merkezinde ses berlendigini we sesleriň 96,44 göteriminiň salandygyny aýtdy.

Bellige alynan 3 million 563 müň 574 saýlawçynyň bardygyny aýdan Şaildabekowa, resmi bolmadyk netijelere görä, sesleriň 79,18 göterimini alan Sadyr Japarowyň saýlawda öňde barýandygyny belledi.

Şaildabekowa, ýurduň dolanşyk ulgamynyň kesgitlenmegi üçin saýlaw bilen birlikde geçirlen ähli halk sese goýulşygynda saýlawçylaryň 34,29 göteriminiň ses berendigini we saýlawçylaryň 81,2 göteriminiň “prezident” ulgamy üçin ses berendigini nygtady.



Degişli Habarlar