Akar we serkerdeler Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew tarapyndan kabul edildi

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Baş Ştabyň başlygy Ýaşar Güler we goşun serkerdeleri bilen giden Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde Prezident Ilham Aliýew tarapyndan kabul edildi

1555369
Akar we serkerdeler Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew tarapyndan kabul edildi

Kabul edişlikde Hulusi Akar: "Parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegindäki Azerbaýjan bilen Türkiýäniň birligi, jebisligi, egin-egine iş salyşmagy hakykatdan hem diňe şu gün üçin däl, eýsem gelejek üçin hem uly zatlary wada berýär. Nesip bolsa öňümizdäki döwürde hem bu jebislik bir ýürek, bir bilek, bir ýümrük hökmünde dowam eder" diýip beýan etdi. 

Garabag ýeňişiniň Kawkaz taryhynda aýratyn bir ornunyň bardygyna ünsleri çeken Akar: "Bu ýeňişiň netijelenmegi üçin iň gysga wagtda umumy merkeziň döredilmeginden soň Nahiçewan we Zengilanyň arasyndaky liniýanyň emele egtirilmegi taýdan ähmiýetlidir. Doganlaryň biri-biri bilen duşuşmagynyň, Türkiýe, Nahiçewan we Azerbaýjanyň fiziki ýagdaýda biri-birleri bilen birleşmeginiň örän möhümdigini pikir edýärin" diýip belledi. 

Akar, 30 ýyllyk basyp alyşlygyň bes edilmeginden soň Aliýewiň liderlik etmeginde Azerbaýjanyň öz topraklarynda goýjak maýa goýumlary bilen sebitiň özüne dartyş merkezi ýagdaýyna öwrüljekdigine ynanýandygyny nygtady. 

Akar, Türkiýäniň Azerbaýjana berýän goldawynyň geçmişde bolşy ýaly mundan soň hem artyp dowam etjekdigini belläp, harby türgenleşikleriň we tälimleriň dowam etjekdigini mälim etdi. 



Degişli Habarlar