Daglyk Garabagda 1 Esger Şehit Boldy

Düýn Hojawendi welaýatynyň Agdam obasynyň ugrunda 6 adamlyk ermeni topary, azerbaýjanly esgerlere od açdy

1553094
Daglyk Garabagda 1 Esger Şehit Boldy

 

Daglyk Garabagda bolan çaknyşykda Azerbaýjanyň goşunlaryndan 1 esger şehit boldy.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, düýn Hojawendi welaýatynyň Agdam obasynyň ugrunda 6 adamlyk ermeni toparynyň, azerbaýjanly esgerlere od açandygy nygtaldy.

Beýannamada, hüjümde azerbaýjanly 1 esgeriň şehit bolandygy, 1 esgeriň hem ýaralanandygy bellenildi.

Beýannamada, şuňa meňzeş hüjümler dowam eden halatynda degişli jogabyň beriljekdigi hakynda berk duýduryş berildi.



Degişli Habarlar