Azerbaýjanyň Daglyk Garabag operasiýasynda şehit bolan esgerleriň we ýakynlarynyň bergileri geçildi

Daglyk garabag söweşinde Azerbaýjanyň goşunyndan  2 müň 800-den gowrak esger şehit bolupdy

1549954
Azerbaýjanyň Daglyk Garabag operasiýasynda şehit bolan esgerleriň we ýakynlarynyň bergileri geçildi

Azerbaýjanyň goşunynyň Daglyk Garabagdaky topraklaryny azat etmek üçin geçiren operasiýasynda şehit bolan 830 esgeriň bergilerinden geçilendigi mälim edildi. 

Azerbaýjanyň Merkezi bankyndan berilen beýanatda, şehit bolan esgerleriň banklara bolan bergileriniň göterimleri bilen birlikde pozulandygy habar berildi. 

Beýanatda şehit bolan 286 esgeriň ýakyny bilen ýaralanan 1 müň 323 esgeriň, Ermenistanyň hüjümlerinde ýogalan asuda ilatdan 15 adam bilen asuda ilatdan ýaralanan 9 adamyň hem bergileriniň pozulandygy aýan edildi. 

Azerbaýjanyň goşunlarynyň 27-nji sentýabrda başladan operasiýasynda 5 şäher merkeziniň, 4 şäherçäniň we 286 obanyň halas edilmeginden soň Ermenistan ýeňilendigini kabul edipdi we Agdam, Laçyn we Kelbejer welaýatlaryndan çekilmek üçin şertnama gol goýupdy.

Ermenistanyň goşunlary 20-njy noýabrda Agdamdan, 25-nji noýabrda Kelbejerden we 1-nji dekabrda hem Laçyndan çekilipdi.

Daglyk Garabag söweşinde Azerbaýjanyň goşunyndan  2 müň 800-den gowrak esger şehit bolupdy. 

 



Degişli Habarlar