Çawuşogly we Akar Kiýewde Krym tatar jemgyýetiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Türkiýäniň Krym tatar türk doganlarynyň hemişe ýanyndadygyny beýan etdi

1547684
Çawuşogly we Akar Kiýewde Krym tatar jemgyýetiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly we Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, ukrainaly kärdeşleri bilen "2+2" formatynda geçiriljek maslahata gatnaşmak we biri-birinden tapawutly duşuşyklar geçirmek maksady bilen Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäherine gitdiler. 

Krym tatar jemgyýetiniň wekilleri bilen duşuşyk geçiren Mewlüt Çawuşogly we Hulusi Akar, şol çäkde Krym tatar türkleriniň lideri we Ukrainanyň parlamendiniň deputaty Mustafa Abdüljemil Kyrymogly, Ukrainanyň parlamendiniň deputaty we Türkiýe Dostlyk toparynyň başlygy Rüstem Umerow we Ukrainanyň parlamendiniň deputaty Ahmet Çiýgöz bilen duşuşyk geçirdi. 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Twitter hasabyndan beren beýanatynda: "Krymyň bikanun anneksiýasyny ykrar etmeris. Krym tatar türk doganlarymyzyň hemişe ýanyndadyrys" diýip belledi. 



Degişli Habarlar