Türk Geňeşi, ABŞ-nyň Sanksiýa Kararyna Garşy Türkiýä Goldaw Berdi

"Türkiýäniň meseläniň gepleşik we diplomatiýa arkaly çözülmegi  hakyndaky teklibine goldaw berýäris”diýdi.

1546228
Türk Geňeşi, ABŞ-nyň Sanksiýa Kararyna Garşy Türkiýä Goldaw Berdi

 

Türki dilli ýurtlaryň hyzmatdaşlyk geňeşi (Türk Geňeşi), ABŞ-nyň Türkiýä  sanksiýa goýulmagy hakyndaky kararyna garşy Türkiýä goldaw berýändiklerini mälim etdi.

Türk Geňeşiniň Baş sekretarynyň orunbasary Kysmet Güzelow Twitterden beren habarnamasynda “ABŞ-nyň Türkiýä bir taraply ýagdaýda sanksiýa goýýan karary ýerliksiz. Karara garşy Türkiýä goldaw berýäris. Türkiýäniň bu meseläniň gepleşik we diplomatiýa arkaly çözülmegi  hakyndaky teklibine goldaw berýäris”diýdi.

ABŞ, Russiýadan S-400 ulgamlaryny alandygy sebäpli Türkiýä sanksiýa goýulmagy barada karar kabul edipdi.

 

 

 



Degişli Habarlar