Ermenistana Laçyny Terk Etmegi Üçin Berlen Möhlet Şu Gün Dolýar

Ermenistanyň goşunlarynyň we basyp alyşlykdan soň welaýata ýerleşdirlen ermeni ilatynyň Laçyny terk etmekleri üçin şu gün soňky gün

1536761
Ermenistana Laçyny Terk Etmegi Üçin Berlen Möhlet Şu Gün Dolýar

 

Ermenistana 1992-nji ýylda basyp alan ýeri bolan Lajyn welaýatyny 28 ýyl soň Azerbaýjana bermegi üçin berlen möhlet şu gün dolýar.

Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda Russiýanyň töwellaçylyk etmeginde gazanylan ylalaşyga laýyklykda ozal Kelbejeri we Agdamy boşadan Ermenistan, şu gün hem Laçyn welaýatyny ýerli wagt bilen 24.00-a çenli yzyna berer.

Ermenistanyň goşunlarynyň we basyp alyşlykdan soň welaýata ýerleşdirlen ermeni ilatynyň Laçyny terk etmekleri üçin şu gün soňky gün.

Ermenistan serhedinde ýerleşýän Laçyn welaýaty, Daglyk Garabag bilen Ermenistanyň arasyndaky ýeke-täk ýol bolan we “Laçyn koridory” diýlip atlandyrlan ýol strategik ýerleşişi sebäpli 1990-njy ýyllardaky söweşde, ermeni güýçleriniň ilkinji nyşanalaryndan biri bolupdy.

Hankendiden we Şuşadan soň Ermenistanyň goşunlary 18-nji maýda Laçyny basyp alypdy.

Şäher merkezi, 1 şäherçesi we 125 obasy bolan Laçynda, Ermenistanyň basyp alyşlygyndan öň 65 müňden gowrak azarbaýjanly ýaşaýardy. Basyp alyşlykdan öň Laçynda ermeni ilaty ýokdy.

Azerbaýjanyň goşunlarynyň 27-nji sentýabrda başladan operasiýasynda 5 şäher merkeziniň, 4 şäherçäniň we 286 obanyň azat edilendigi sebäpli Ermenistan ýeňilendigini kabul edipdi. Basyp alyşlyk astyndaky Agdam, Laçyn we Kelbejer welaýatlarynyň boşadylmagy meselesinde ylalaşyk gazanylypdy.

Ermenistanyň goşunlary 20-njy noýabrda Agdamdan, 25-nji noýabrda bolsa Kelbejerden çekilipdi.



Degişli Habarlar