Azerbaýjan Fransiýa Nota Berdi

Azerbaýjan, “Daglyk Garabag Respublikasynyň” ykrar  edilmegi baradaky karar sebäpli Fransiýa nota berdi

1535198
Azerbaýjan Fransiýa Nota Berdi

 

Azerbaýjan, Fransiýanyň Senatynyň “Daglyk Garabag Respublikasynyň” ykrar  edilmegi baradaky karary sebäpli Fransiýa nota berdi.

Azerbaýjanyň Daşary işler ministrliginden berlen beýannama görä, Fransiýanyň Azerbaýjandaky ilçisi Gros, Daşary işler ministrligine çagyryldy we oňa Azerbaýjanyň protest notasy berildi.

Ilçi Gross hem Azerbaýjanyň notasyny ýurdunda degişli ýolbaşçylara gowşurjakdygyny belledi.

Fransuz Senaty, öňňin, “Daglyk Garabag Respublikasynyň” ykrar edilmegi baradaky karary tassyklapdy.

 



Degişli Habarlar