Daglyk Garabagda Ermenistanyň Goşunlarynyň Adam Hukuklaryny Bozmalary Boýunça Habarnama

Ombudsmenlik Instituty Daglyk Garabagda Ermenistanyň goşunlarynyň adam hukuklarynyň bozmalary boýunça habarnama taýarlady.

1535051
Daglyk Garabagda Ermenistanyň Goşunlarynyň Adam Hukuklaryny Bozmalary  Boýunça Habarnama

Ombudsmenlik Instituty Azerbaýjanyň Daglyk Garabag sebitinde Ermenistanyň goşunlarynyň adam hukuklaryny  bozmalary boýunça habarnama taýarlady.

Baş Ombudsmen Şeref Malkoç Ermenistanyn goşunlarynyň Azerbajanda eden harby jenaýatlary hakyndaky habarnamany şu hepdeden başlap Türkiýedäki we dünýädäki degişli guramalar bilen ÝB-ne agza ýurtlaryň parlamentlerinin adam hukuklary toparlaryna ugratjakdyklaryny beýan etdi.

Habarnama hakynda beýannama beren Malko, ombudsmenleriň iki borjunyň bardygyna ünsi çekip, şolaryň birinjisiniň ýurtda döwlet hyzmatlaryny berýän edara bilen raýatlaryň arasyndaky meseleleri töwellaçylyk usuly bilen çözmek, ikinjisiniň bolsa, milli we halkara arenada adam hukuklarynyň goralmagy hem-de ýaýbaňlandyrylmagy üçin iş alyp barmakdan ybaratdygyny aýtdy.

Habarnamanyň taýarlanyş tapgyrynda Azerbaýjana baryp, Ermenistanyň goşunlarynyň hüjümlerinde zyýan çeken ilatly ýerlerde barlaglar geçirendiklerini gürrüň beren Malkoç; “Azerbaýjana guran saparymyzda esasan-da söweş meýdanlaryndan daşyndaky ilatly ýerlerde, Genjede, Terterde, Goranboýda, Agda hat-da Bakuwyň etraplarynda raketalar bilen urlan ýerleri gördük. Genje söweşden ençeme kilometr alysda ýerleşýändigine garamazdan Ermenistandan atylan raketalar bilen uruldy, Terter hem şeýle” diýdi.

Malko. Ermenistanyň hüjümleri netijesinde asuda ilatda 94 Azerbaýjan raýatynyň ýogalandygyny, 414 sanysynyň ýaralanandygyny beýan edip: “Söweşiň bolmagyny hiç kim islemeýär, emma halkara hukuga görä kanuny goranyş we şuňa meňzeş sebäplerden söweş frontlarda bolmaly. Emma bilkastlaýyn frontdan 100-150 kilometr alysdaky ilatly ýerleri bombalamak gumanitar jenaýat. Ol, Ýewropanyň adam hukuklary jarnamasynda beýan edilýän başlangyç hukuklara, Ženewa jarnamasyna tersdir” diýdi.

Azerbaýjandaky saparynyň dowamynda hüjümleriň agyr netijeleri bilen ýakyndan tanyş bolandyklaryny aýdan Malkoç: “Hüjümleriň netijesinde ölen adalaryň hossarlary bilen, ýaralylar bilen söhbetdeş bolduk. Ejesini we kakasyny ýitiren çagalar bilen söhbetdeş bolduk. Ýykylan mekdepleri, öýleri gördük. Ybadathanalaryň şol hüjümlerde çeken ýitgilerini gördük. Daşky gurşawa nähili zeper ýetendigini, bikanun ýaraglaryň, bombalaryň ulanylandygyny gördük. Habarnamada ählisini beýan etdik” diýdi.

Malkoç 7 bölümden ybarat habarnamada “Daglyk Garabag Meselesi”, “Ýerinde geçirilen barlaglar netijesinde anyklananlar”, “Adam hukuklary taýdan barlagyň seljerilmegi” ýaly bölümleriň bardygyny nygtap: “Bulardan daşgary habarnamamyzda Ermenistanyň ýaragly güýçleri tarapyndan guralan hüjümlerin hronologik sanawyny taýarladyk. Ermenistanyň ýaragly güýçlerinin hüjümleri netijesinde ýogalan adamlaryň fotosuratlaryny we nirelerde aradan çykandyklaryny aýry-aýry seljerdik” diýdi.

Ombudsmenlik Institutynyň taýarlan habarnamay bilen taryhy delillendirmek isländiklerini beýan eden Malkoç sözlerini şeýle dowam etdirdi: “Harby jenaýat eden, asuda ilaty gyran, daşgy gurşawa zyýan beren, gije sagat 01:00-da 1 ýaşyndaky çagalary ýa-da garrylary, uruş bilen arabaglanşygy bolmadyklary öldürenleri anyklap, olaryň halkara kazyýetde jenaýat jogapkärçiligine çekilmegi üçin tagalla etdik. Habarnamany şu hepdeden başlap Türkiýedäki degişli guramalar bilen dünýädäki ähli adam hukuklary guramalaryna, ombudsmenlere we adam hukuklaryny goraýjylara ugradarys. ÝB-ne agza ýurtlaryň parlamentleriniň adam hukuklary toparlaryna ugradarys. Aýratynam Azerbaýjana ugradarys. Adamzat we adam hukuklary taýdan borjumyzy ýerine ýetirmäge çalyşdyk. Mundan soňy halkara guramalarynyň jogapkärçiliginde. Bu jenaýatlary edenleri, asuda ilaty gyranlary, Jenewa jarnamasyna, Ýewropanyň Adam hukuklary jarnamasyna we Adam hukuklarynyň ähliumumy konwensiýasyna garşy hereket edenleri jenaýat jogapkärçiligine çekmek üçin kazylaryň, kazyýetleriň öňüne getirmek elbetde başgalarynyň hem borjudyr. Biziň borjumyz olary bellik etmek” diýdi.

Ermenistanyň harby jenaýat edendigine garamazdan özünden hasabat soralmajakdygyny pikir edýandigine ünsi çeken Malkoç: “Şuny ýatdan çykarýarlar, indi dünýä köne dünýä däl. Azerbaýjan öňki Azerbaýjan däl, Türkiýe öňki Türkiýe däl. Şeýlelikde özlerini şu günki güne çenli läliksiredenleriň gorajakdygyny pikir edýärler. Emma bu habarnama Ermenistanyň adam hukuklarynyň derňelmeginde delil bolar” diýdi.

Malkoç Ermenistanyň 10-njy noýabrda güýje giren ylalaşykdan soň yza çekilmegi bilen basyp alan ýerlerinde çekilen ýitginiň ýüze çykandygyny beýan edip: “Şuşada, Agdamda, Terterde we Kelbejerde taryhyň öňünde eden jenaýatlary bar. Metjitleri doňuz ýatagyna öwüripdirler, musulmanlaryň gonamçylygyny ýumurypdyrlar. Şeýle zat bolarmy? Hojalydaky gyrgynçylygyň ýad-da beýleki gyrgynçylyklaryň, bularyň hasaby elbetde soramaly. Mundan soň şeýle ýalňyşlyklaryň gaýtalanmazlygy üçin ol iňňän möhüm” diýdi.

Ermenistan tarapyndan çaknyşyk zolaklaryndan iňňän alysdaky ilatly  ýerleriň nyşana alynandygyna üns çekilýän habarnamada: “Ermenistanyň ýaragly güýçleri ilatly ýerlere hüjüm edip, kasset bombasy ýaly tapawut goýmaýan we şol sebäpli ulanylmagy gadagan edilen ýaraglardan peýdalanyp hem asuda ilatyň janyna kast etdi hem-de Halkara adam hukuklarynyň çäginde harby jenaýat işledi” diýilýär.

Habarnamadaky raketalar bilen urlan ilatly ýerleriň fotosuratlary başdan geçirilen pajygany açyp görkezýään bolsa, hüjümde 3,410 öý, 120 sany köp gatly bina we 512 jemgyýetçilik binalaryna agyr zyýan ýetendigi beýan edilýär.

Hüjümler sebäpli hossarlaryny ýitirenler bilen geçirilen duşuşyklar barada maglumat berilýän habarnamada, Genjede öýlerde birinde bolan duşuşyk hakynda: “Hüjümde ejesi we kakasy bilen enesini ýitiren 2 ýaşly Nilaýyň daýzasy bilen tanyşdyk. Daýzasy Nilaýyň ejesiniň hamyladygyny, dünýä inmedik doganyny hem ýitiren Nilaýyň dynuwsyz aglaýandygyny we ejesiniň soraýandygyny aýtdy” diýilýär.

Ombudsmenlik Instituty Azerbaýjanyň Daglyk Garabag sebitinde Ermenistanyň goşunlarynyň adam hukuklarynyň bozulmalary boýunça habarnama taýarlady.

Baş Ombudsmen Şeref Malkoç Ermenistanyn goşunlarynyň Azerbajanda eden harby jenaýatlary hakyndaky habarnamany şu hepdeden başlap Türkiýedäki we dünýädäki degişli guramalar bilen ÝB-ne agza ýurtlaryň parlamentleriniň adam hukuklary toparlaryna ugratjakdyklaryny beýan etdi.

Habarnama hakynda beýannama beren Malko, ombudsmenleriň iki borjunyň bardygyna ünsi çekip, şolaryň birinjisiniň ýurtda döwlet hyzmatlaryny berýän edara bilen raýatlaryň arasyndaky meseleleri töwellaçylyk usuly bilen çözmek, ikinjisiniň bolsa, milli we halkara arenada adam hukuklarynyň goralmagy hem-de ýaýbaňlandyrylmagy üçin iş alyp barmakdan ybaratdygyny aýtdy.

Habarnamanyň taýarlanyş tapgyrynda Azerbaýjana baryp, Ermenistanyň goşunlarynyň hüjümlerinde zyýan çeken ilatly ýerlerde barlaglar geçirendiklerini gürrüň beren Malkoç; “Azerbaýjana guran saparymyzda esasan-da söweş meýdanlaryndan daşyndaky ilatly ýerlerde, Genjede, Terterde, Goranboýda, Agda hat-da Bakuwyň etraplarynda raketalar bilen urlan ýerleri gördük. Genje söweşden ençeme kilometr alysda ýerleşýändigine garamazdan Ermenistandan atylan raketalar bilen uruldy, Terter hem şeýle” diýdi.

Malkoç Ermenistanyň hüjümleri netijesinde asuda ilatdan 94 Azerbaýjan raýatynyň ýogalandygyny, 414 sanysynyň ýaralanandygyny beýan edip: “Söweşiň bolmagyny hiç kim islemeýär, emma halkara hukuga görä kanuny goranyş we şuňa meňzeş sebäplerden söweş frontlarda bolmaly. Emma bilkastlaýyn frontdan 100-150 kilometr alysdaky ilatly ýerleri bombalamak gumanitar jenaýat. Ol, Ýewropanyň adam hukuklary jarnamasynda beýan edilýän başlangyç hukuklara, Ženewa jarnamasyna tersdir” diýdi.

Azerbaýjandaky saparynyň dowamynda hüjümleriň agyr netijeleri bilen ýakyndan tanyş bolandyklaryny aýdan Malkoç: “Hüjümleriň netijesinde ölen adamlaryň hossarlary bilen, ýaralylar bilen söhbetdeş bolduk. Ejesini we kakasyny ýitiren çagalar bilen söhbetdeş bolduk. Ýykylan mekdepleri, öýleri gördük. Ybadathanalaryň şol hüjümlerde çeken ýitgilerini gördük. Daşky gurşawa nähili zeper ýetendigini, bikanun ýaraglaryň, bombalaryň ulanylandygyny gördük. Habarnamada ählisini beýan etdik” diýdi.

Malkoç 7 bölümden ybarat habarnamada “Daglyk Garabag Meselesi”, “Ýerinde geçirilen barlaglar netijesinde anyklananlar”, “Adam hukuklary taýdan barlagyň seljerilmegi” ýaly bölümleriň bardygyny nygtap: “Bulardan daşgary habarnamamyzda Ermenistanyň ýaragly güýçleri tarapyndan guralan hüjümleriň hronologik sanawyny taýarladyk. Ermenistanyň ýaragly güýçleriniň hüjümleri netijesinde ýogalan adamlaryň fotosuratlaryny we nirelerde aradan çykandyklaryny aýry-aýry seljerdik” diýdi.

Ombudsmenlik Institutynyň taýarlan habarnamasy bilen taryhy delillendirmek isländiklerini beýan eden Malkoç sözlerini şeýle dowam etdirdi: “Harby jenaýat eden, asuda ilaty gyran, daşky gurşawa zyýan beren, gije sagat 01:00-da 1 ýaşyndaky çagalary ýa-da garrylary, uruş bilen arabaglanşygy bolmadyklary öldürenleri anyklap, olaryň halkara kazyýetde jenaýat jogapkärçiligine çekilmegi üçin tagalla etdik. Habarnamany şu hepdeden başlap Türkiýedäki degişli guramalar bilen dünýädäki ähli adam hukuklary guramalaryna, ombudsmenlere we adam hukuklaryny goraýjylara ugradarys. ÝB-ne agza ýurtlaryň parlamentleriniň adam hukuklary toparlaryna ugradarys. Aýratynam Azerbaýjana ugradarys. Adamzat we adam hukuklary taýdan borjumyzy ýerine ýetirmäge çalyşdyk. Mundan soňy halkara guramalarynyň jogapkärçiliginde. Bu jenaýatlary edenleri, asuda ilaty gyranlary, Jenewa jarnamasyna, Ýewropanyň Adam hukuklary jarnamasyna we Adam hukuklarynyň ähliumumy konwensiýasyna garşy hereket edenleri jenaýat jogapkärçiligine çekmek üçin kazylaryň, kazyýetleriň öňüne getirmek elbetde başgalarynyň hem borjudyr. Biziň borjumyz olary bellik etmek” diýdi.

Ermenistanyň harby jenaýat edendigine garamazdan özünden hasabat soralmajakdygyny pikir edýandigine ünsi çeken Malkoç: “Şuny ýatdan çykarýarlar, indi dünýä köne dünýä däl. Azerbaýjan öňki Azerbaýjan däl, Türkiýe öňki Türkiýe däl. Şeýlelikde özlerini şu günki güne çenli läliksiredenleriň gorajakdygyny pikir edýärler. Emma bu habarnama Ermenistanyň adam hukuklarynyň derňelmeginde delil bolar” diýdi.

Malkoç Ermenistanyň 10-njy noýabrda güýje giren ylalaşykdan soň yza çekilmegi bilen basyp alan ýerlerinde çekilen ýitginiň ýüze çykandygyny beýan edip: “Şuşada, Agdamda, Terterde we Kelbejerde taryhyň öňünde eden jenaýatlary bar. Metjitleri doňuz ýatagyna öwüripdirler, musulmanlaryň gonamçylygyny ýumurypdyrlar. Şeýle zat bolarmy? Hojalydaky gyrgynçylygyň ýa-da beýleki gyrgynçylyklaryň, bularyň hasaby elbetde soramaly. Mundan soň şeýle ýalňyşlyklaryň gaýtalanmazlygy üçin ol iňňän möhüm” diýdi.

Ermenistan tarapyndan çaknyşyk zolaklaryndan iňňän alysdaky ilatly  ýerleriň nyşana alynandygyna üns çekilýän habarnamada: “Ermenistanyň ýaragly güýçleri ilatly ýerlere hüjüm edip, kasset bombasy ýaly tapawut goýmaýan we şol sebäpli ulanylmagy gadagan edilen ýaraglardan peýdalanyp hem asuda ilatyň janyna kast etdi hem-de Halkara adam hukuklarynyň çäginde harby jenaýat işledi” diýilýär.

Habarnamadaky raketalar bilen urlan ilatly ýerleriň fotosuratlary başdan geçirilen pajygany açyp görkezýän bolsa, hüjümde 3,410 öý, 120 sany köp gatly bina we 512 jemgyýetçilik binalaryna agyr zyýan ýetendigi beýan edilýär.

Hüjümler sebäpli hossarlaryny ýitirenler bilen geçirilen duşuşyklar barada maglumat berilýän habarnamada, Genjede öýlerde birinde bolan duşuşyk hakynda: “Hüjümde ejesi we kakasy bilen enesini ýitiren 2 ýaşly Nilaýyň daýzasy bilen tanyşdyk. Daýzasy Nilaýyň ejesiniň hamyladygyny, dünýä inmedik doganyny hem ýitiren Nilaýyň dynuwsyz aglaýandygyny we ejesini soraýandygyny aýtdy” diýilýär.

 

 



Degişli Habarlar