Azerbaýjan Fransiýanyň Senatynyň Rezulýusiýasyny Meçew Berme Häsýetlendirdi

Azerbaýjanyň Daşary işler ministrligi Fransiýanyň Senatynyň “Daglyk Garabag Respublikasynyň” ykrar edilmegi hakyndaky rezolýusiýasyny “tarapgöý” we “meçew beriji” häsýetlendirdi

1534928
Azerbaýjan Fransiýanyň Senatynyň Rezulýusiýasyny Meçew Berme Häsýetlendirdi

Ministrlikden berilen beýannamada Fransiýanyň Senatynyň “Daglyk Garabag Respublikasyny” ykrar etmek hakyndaky rezolýusiýasyna reaksiýa bildirildi.

Şol rezolýusiýanyň Ermenistanyň tarapynda durýan senatorlar tarapyndan teklip edilendigine üns çekilýän beýannamada: “Fransuz Senatynyň tarapgöý karary sese goýmagy meçew beriji häsýete eýedir” diýilýär.

Beýannamada Senatda sese goýulan rezolýusiýanyň kanuny güýjüniň bolmandygy nygtalyp: “Töwellaçylyk edýän ýurtlardan biriniň şeýle rezolýusiýanyň kabul edilmegi, onuň tarapsyzlygynda uly şübhe döredýär. Şol rezolýusiýa Azerbaýjan halkynda adalatly töwellaçy bolan Fransiýanyň ygtybaryna uly zarba urýar” diýilýär.

Fransiýuadaky ermenileriň Daglyk Garabag meselesinden saýlawdan ozal peýdalanýandygyna üns çekilýän beýannamada Fransiýanyň hökümetiniň Azerbaýjanyň territorial bitewiligini goldaýandygy ýatladylýar.

Beýannamada: “Fransuz Senaty ýalňyş pikirli rezolýusiýa kabul etmegiň ýerine sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we ösüşi goldaýan işler bilen meşgullanyp, hem Fransiýanyň hem-de sebitiň durnukly ösüşine goşant goşar” diýilýär.

Fransuz Senatynda “Daglyk Garabag Respublikasyny” ykrar edýän rezolýusiýa düýn sese goýulypdy.

 



Degişli Habarlar