Azerbaýjanyň Goşunlary 27 Ýyl Soň Kelbejerde

Ermenistana berlen goşmaça möhlediň düýn gije gutarmagy bilen Azerbaýjanyň goşunlary Kelbejere girdi

1533759
Azerbaýjanyň Goşunlary 27 Ýyl Soň Kelbejerde

Azerbaýjanyň goşunlary 27 ýyl soň basyp alyşlyk astyndaky Kelbejere girdi.

Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda gazanylan ylalaşyga laýyklykda 10-njy noýabrda çaknyşyklar bes edildi we Ermenistan Azerbaýjandan ýeňilendigini kabul etdi.

Ylalaşyga laýyklykda, Ermenistan, Daglyk Garabagda 7 sebitden çekilmegi kabul edipdi.

Ermenistanyň Kelbejerden 15-nji noýabrda çekilmegi islenipdi, emma sebitiň geografik ýerleşişi we çäkli transport mümkinçilikleri sebäpli şol möhlet Ýerewanyň talaby sebäpli 25-nji noýabra çenli uzadylypdy.

Sosial mediada we rus habar saýtlarynda ýaýradylan wideo ýazgylarda Kelbejerde ýaşaýan ermenileriň öýleri, mekdepleri we binalary oda berendikleri görülýär.

Ermenistana berlen goşmaça möhlediň düýn gije gutarmagy bilen Azerbaýjanyň goşunlary Kelbejere girdi.

 

 

 

 



Degişli Habarlar