Aziz Sanjar Azerbaýjanly Ýetim Galan Çagalar Üçin Tagalla Edýär

Nobel baýragynyň laureaty Aziz Sanjar çagalaryň bilim almagy üçinn ýörite gaznalaryň döredilmegini teklip etdi

1532536
Aziz Sanjar Azerbaýjanly Ýetim Galan Çagalar Üçin Tagalla Edýär

Nobel baýragynyň eýesi türk alymy Aziz Sanjar, Ermenistanyň roketalar bilen Azerbaýjanyň Genje şäherine guran hüjümlerinde hossarlary ýogalan Hatije Şahnazarowa üçin maliýe kömegini berdi.

Azerbaýjanyň “AZERTAJ” habarlar gullugynda berlen habarda, Aziz Sanjaryň, Azerbaýjanyň Genje şäherine Ermenistan tarapyndan atylan roketalara çuňňur gynanç bildirendigi we söweşde hossarlary ýogalan çagalaryň bilim almaklary üçin ýörite gaznalaryň döredilmegini teklip edendigi nygtaldy.

Habarda, ABŞ-da ýaşaýan Aziz Sanjaryň, Ermenistanyň 17-nji oktýabrda Genje şäherine guran roketa hüjümlerinde hossarlary ýogalan 3 ýaşyndaky Hatijeniň bilim almagy üçin maliýe kömegini berendigi bellenildi.

Daglyk Garabag çaknyşyklarynda Ermenistan, Genje şäherine 2 gezek roketa hüjümini gurapdy we şol hüjümlerde asuda ilatdan 26 adam ýogalypdy.

17-nji oktýabrda Hatije harabalygyň aşagyndan halas edilipdi, emma ene-atasy bilen 1,5 ýaşyndaky dogany bolsa ýogalypdy.



Degişli Habarlar