Azerbaýjanly Esgerler Ermenileriň Göçmegine Geçirimlilik Etdi

Azerbaýjanly esgerleriň Azerbaýjanyň territoriasyny wagtynda terk etmedik ermenilere geçirimlilik edendigi ýüze çykdy

1532805
Azerbaýjanly Esgerler Ermenileriň Göçmegine Geçirimlilik Etdi

 

Azerbaýjanly esgerler, Daglyk Garabagda çaknyşyklaryň bes edilmegi baradaky ylalaşyga laýyklykda Azerbaýjanyň territoriasyny wagtynda terk etmedik ermenileriň göçmegine geçirimlilik etdi.

Ermeni esgerleri we asuda ilat sebiti terk etmäge dowam edýär.

Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda gazanylan ylalaşyga laýyklykda basyp alyşlyk astyndaky ýerlerini terk etmäge mejbur bolan ermeniler boşadan öýlerini we tokaýlary ýykyp ýakýardy.

Emma muňa garamazdan Azerbaýjanly esgerleriň Azerbaýjanyň territoriasyny wagtynda terk etmedik ermenilere geçirimlilik edendigi ýüze çykdy.

Sosial mediadaky wideo ýazgylarda öýlerini wagtynda boşatmadyk ermeni ilatyň, azerbaýjanly esgerleri gören badyna ak baýdak galgadyp wagt sorandyklary görülýär.

Azerbaýjanly esgerler hem ermeni asuda ilatynyň goşlaryny daşamagyna rugsat berýär.

Azerbaýjanyň goşunlarynyň 27-nji sentýabrda Daglyk Garabagdaky topraklarynyň basyp alyşlykdan halas edilmegi üçin başladan operasiýasy sebäpli Ermenistan 10-njy noýabrda ylalaşyga gol goýmaga mejbur bolupdy.

Ermeni ýaragly güýçleri, ylalaşyga laýyklykda 20-njy noýabrdan başlap Agdamdan çekilipdi.

15-nji noýabrda Kelbejeri terk etmeli bolan Ermenistan, Azerbaýjandan 10 günlük goşmaça möhlet sorapdy we basyp alan ýerlerini 25-nji noýabrda yzyna bermegi wada beripdi.

Ermenistan Laçini hem 1-nji dekabra çenli Azerbaýjana yzyna berer.



Degişli Habarlar