Garabagda Türkiýäniň Baýdagy Pasyrdaýar

Azerbaýjanly esgerler Garabagda Türkiýäniň baýdagy asdy

1530998
Garabagda Türkiýäniň Baýdagy Pasyrdaýar

 

Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda gazanylan ylalaşyga laýyklykda, Ermenistanyň terk eden ýerlerine Azerbaýjanyň goşunlary ýerleşýär.

Sosial mediada ýaýradylan wideo ýazgylarda, Garabaga baran azerbaýjanly esgerleriň, Garabagda Türkiýäniň baýdagyny asandygy görülýär.

Esgerlerden biri “Garabagyň azat edilmeginde bize ýakyndan goldaw beren doganymyz, bir millet iki döwlet Türkiýäniň hormatyna, Türkiýäniň baýdagy Azerbaýjanyň baýdagy bilen birlikde asylar. Garabag Azerbaýjandyr” diýýär.



Degişli Habarlar