Azerbaýjanyň Goşunlary Agdam Welaýatyna Girdi

Agdam welaýatynyň 77 göterimlik bölegi 1993-nji ýylda Ermenistanyň goşunlary tarapyndan basylyp alnypdy

1531044
Azerbaýjanyň Goşunlary Agdam Welaýatyna Girdi

 

Azerbaýjanyň goşunlary 27 ýyldan bäri Ermenistanyň basyp alyşlygy astynda bolan Agdam welaýatyna girdi.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda Russiýanyň töwellaçylyk etmeginde gazanylan ylalaşyga laýyklykda, Azerbaýjanyň goşunlarynyň Agdam welaýatyna girendigi nygtaldy.

Agdam welaýatynyň 77 göterimlik bölegi 1993-nji ýylda Ermenistanyň goşunlary tarapyndan basylyp alnypdy.

Basyp alyşlyk sebäpli 200 müň azerbaýjanly doglan ýerlerini terk etmeli bolupdy.

Basyp alyşlyk döwründe ermeniler tarapyndan talanan we ýykylan Agdamyň şäher merkeziniň we obalarynyň esasy bölegi haraba öwrülipdir.

Azerbaýjanyň goşunlarynyň 27-nji sentýabrda başlan operasiýasynyň çäginde 5 şäher merkezi, 4 şäherçe we 286 obanyň azat edilendigi sebäpli Ermenistan ýeňilendigini kabul edipdi.

Basyp alyşlyk astyndaky Agdam, Laçyn we Kelbejer welaýatlarynyň boşadylmagy meselesinde şertnama baglaşylypdy.

 

 

 



Degişli Habarlar