Azerbaýjanyň goşuny Agdama ýerleşýär

Azerbaýjanyň goşuny Ermenistan tarapyndan boşadylan Agdama ýerleşýär

1530793
Azerbaýjanyň goşuny Agdama ýerleşýär

Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda Russiýanyň araçylyk etmeginde gol çekilen ylalaşyk şertnamasyna laýyklykda, Ermenistanyň Ýaragly güýçleri we käbir obalara soň ýerleşen ermeni ilat Agdamy terk edýär, sebite Azerbaýjanyň goşuny ýerleşýär. 

Sosial mediada paýlaşylan materillarda, Azerbaýjanyň goşunyna degişli sowutly ulaglar, Agdama tarap ýola çykandygyny, ýoluň gyrasyndaky Azerbaýjanlylaryň bolsa olary ugradandygyny görüp bolýar. 

Beýleki tarapdan Agdam sebitinden çekilmäge başlan Ermenistanyň goşuny, ulanan harby merkezlerini, binalaryny we gözegçilik nokatlaryny ýakýarlar. 

Front liniýasynyň Azerbaýjanyň gözegçiligi astyndaky ýerlerden çekilen wideo ýazgylarynda, Ermenistanyň goşunynyň ýerleşýän liniýalaryndan tüsseleriň çykýandygyny görüp bolýar. 

Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda Daglyk Garabag krizisi bilen baglanşykly baglaşylan ylalaşyga görä, Ermenistanyň Ýaragly güýçleriniň Agdam welaýatyny 20-nji noýabrda dolulygyna terk etmäge mejbur. 

Agdam welaýatynyň 77 göterimlik bölegi 1993-nji ýylda Ermenistanyň goşuny tarapyndan basylyp alynypdy. Basyp alyşlyk sebäpli takmynan 200 müň azerbaýjanly öz dogduk ýerlerini terk etmäge mejbur galypdylar. 



Degişli Habarlar