Şuşada 28 Ýyl Soň Juma Namazy Okaldy

Azerbaýjanyň goşunlary Şuşany 8-nji noýabrda basyp alyşlykdan azat edipdi

1527265
Şuşada 28 Ýyl Soň Juma Namazy Okaldy

 

Azerbaýjanyň goşunlary tarapyndan basyp alyşlykdan azat edilen Daglyk Garabagyň simwollaryndan biri bolan Şuşa şäherinde 28 ýyl soň Juma namazy okaldy.

Şuşadaky taryhy Ýokary Göwher Aga metjidinde ilki azan okaldy. Azandan soň azerbaýjanly esgerler Juma namazyny okady.

Azerbaýjanyň taryhynyň we medeniýetiniň esasy simwollaryndan biri bolmak bilen birlikde geografik ýerleşişi taýdan hem Daglyk Garabagyň iň uly şäheri bolan Hankendä tarap gidýän ýoluň ugrunda ýerleşýändigi üçin strategiýa taýdan esasy orun eýeleýän Şuşa, 1992-nji ýylyň 8-nji maýynda Ermenistan tarapyndan basylyp alnypdy.

Azerbaýjanyň goşunlary Şuşany 8-nji noýabrda basyp alyşlykdan azat edipdi



Degişli Habarlar