Türkiýäniň Daşary işler ministri Azerbaýjanly kärdeşini gutlady

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Azerbaýjanly kärdeşi Jeýhun Baýramowy, Daglyk Garabagda gazanylan ýeňiş mynasybetli gutlady

1525185
Türkiýäniň Daşary işler ministri Azerbaýjanly kärdeşini gutlady

Azerbaýjanyň Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda, Çawuşogly bilen Baýramowyň telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigi mälim edildi. 

Beýanatda Çawuşoglynyň hem kärdeşi Baýramowy hem-de Azerbaýjanyň halkyny gazanan ýeňişi mynasybetli gutlandygy, Azerbaýjanyň şatlygyny paýlaşýandyklaryny aýdandygy habar berildi. 

Baýramow hem öz gezeginde hemişe Azerbaýjanyň ýanynda bolan, hemişe goldaw beren, şatlygyny we gam-gussasyny bilelikde paýlaşan türk halkyna we Çawuşoglyna minnetdarlyk bildirdi. 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen hem telefon arkaly söhbetdeş boldy. 

Diplomatik çeşmelerden alynan maglumata görä, Çawuşogly Lawrow bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde Ýokary Garabag meselesini ara alyp maslahatlaşdylar. 



Degişli Habarlar