Şuşa şäherinde Azerbaýjanyň baýdagy pasyrdaýar

Azerbaýjanyň goşuny, basyp alyşlykdan azat edilen Şuşa şäherinde Azerbaýjanyň baýdagyny dikdi

1524667
Şuşa şäherinde Azerbaýjanyň baýdagy pasyrdaýar

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi, düýn Ermenistanyň goşunynyň basyp alyşlygyndan azat edilen Şuşa şäheriniň wideo ýazgylaryny paýlaşdy. 

Wideo ýazgylarda şäheriň köçeleri we tapawutly ýerlerde alynan beýleki owadan ýerleri görüp bolýar. 

Şuşa galasy, Aşakgy Göwher Aga we Ýokarky Göwher Aga metjitleri ýaly taryhy binalar bolan wideo ýazgylarda, Azerbaýjanyň esgerleri şäherdäki binalaryň biriniň üstüne Azerbaýjanyň baýdagyny dikdi. 

Söz sözlän esgerleriň biri: "Hormatly Baş serkerdämiz, siziň serkerdelik etmegiňizde Şuşa basyp alyşlykdan azat edildi. Ýaşasyn Baş serkerde, Ýaşasyn Azerbaýjanyň halky. Garabag Azerbaýjandyr" diýip belledi. 

Azerbaýjanyň taryhy we medeni miraslarynyň biri bolmak bilen birlikde, hem geografik ýerleşişi, hem-de Daglyk Garabagyň iň uly şäheri bolan Hankendi şäherine barýan ýoluň ugrunda ýerleşmegi taýdan strategik ähmiýetli bolan Şuşa şäheri, 1992-nji ýylyň 8-nji maýynda Ermenistanyň ýaragly güýçleri tarapyndan basylyp alynypdy. 

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, halka ýüzlenip eden çykyşynda, Şuşa şäheriniň azat edilendigini habar beripdi. 


Etiketkalar: #Şuşa , #Azerbaýjan

Degişli Habarlar