Azerbaýjanyň goşuny ýene-de 23 obany Ermenistanyň basyp alyşlygyndan azat etdi

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Azerbaýjanyň goşunynyň ýene-de 23 obany Ermenistanyň basyp alyşlygyndan azat edendigini habar berdi

1524479
Azerbaýjanyň goşuny ýene-de 23 obany Ermenistanyň basyp alyşlygyndan azat etdi

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Twitter hasabyndan beren beýanatynda: "Şanly Azerbaýjanyň goşuny, Fuzuliniň Gobu Dilagarda, Ýal Pirahmetli, Ýokary Ýaglywend, Dilagarda, Seýid Mahmudlu we Elesgerli, Hojalynyň Demirjiler, Çanakçy, Medetkend we Sygnak, Hojawendiň Susanlyk, Domi, Tug, Akuku we Azyh, Jebraýylyň Hüseýnalylar, Söýüdlü we Aşagy Sirik, Gubadlynyň Ýokary Mollu, Aşagy Mollu we Hojik, Zengilanyň Keçikli we Ördekli obalaryny basyp alyşlykdan azat etdi. Ýaşasyn Azerbaýjanyň goşuny. Garabag Azerbaýjandyr" diýip belledi. 

Azerbaýjanyň goşuny, Daglyk Garabagda 27-nji sentýabrda başladan operasiýasynyň netijesinde 5 şäher merkezini, 3 şäherçäni we 240-a golaý oba bilen strategik ähmiýetli depeleri Ermenistanyň basyp alyşlygyndan azat etdi. 



Degişli Habarlar