Ilham Aliýew, Izmirdäki ýer titreme bilen bagly Erdogana jaň etdi

Azerbaýjanyň Prezidentligi tarapyndan berilen beýanatda, Ilham Aliýew Erdogana jaň edip ýer titreme sebäpli gynanç bildirdi

1518978
Ilham Aliýew, Izmirdäki ýer titreme bilen bagly Erdogana jaň etdi

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Prezident Rejep Taýýip Erdogana telefon arkaly jaň edip, Izmiriň Seferihisar etrabynyň suw giňişliginde bolan ýer titreme bilen baglanşykly kömek bermäge taýardyklaryny habar berdi. 

Azerbaýjanyň Prezidentligi tarapyndan berilen beýanatda, Ilham Aliýew Erdogana jaň edip ýer titreme sebäpli gynanç bildirdi. 

Aliýew, hemişe bolşy ýaly dost we doganlyk ýurt Türkiýäniň ýanyndadyklaryny belläp, Azerbaýjanyň doganlyk ýurda islendik kömegi bermäge taýardyklaryny mälim etdi. 

Erdogan telefon arkaly jaň edip gynanç bildirenligi we edýän aladasy üçin Aliýewe minnetdarlyk bildirdi. 



Degişli Habarlar