Ermenistan Asuda Ilaty Nyşana Almaga Dowam Edýär

Ermenistanyň Azerbaýjanda asuda ilatyň ýaşaýan ýerlerine garşy guran nobatdaky hüjüminde asuda ilatdan 1-i çaga jemi 4 adam ýogaldy, 10 adam bolsa ýaralandy

1516928
Ermenistan Asuda Ilaty Nyşana Almaga Dowam Edýär

Hüjüm bilen baglanşykly beýanat beren Azerbaýjanyň Prezidentiniň orunbasary Hikmet Hajyýew Ermenistanyň, harby ýitgileriniň öwezini dolmak üçin ynsanperwer maksatly baglaşylan ylalaşygyň düzgünini bozup, asuda ilaty gyrmaga dowam edýändigini mälim etdi. 

Hikmet Hajyýew, Barda şäherine guralan raketaly hüjümde asuda ilatdan 1-i çaga jemi 4 adamyň ýogalandygyny, aralarynda çagalar we zenanlar hem bolan jemi 10 adamyň bolsa ýaralanandygyny aýan etdi. 



Degişli Habarlar