Azerbaýjan Ermenistanyň hüjümini yzyna serpikdirdi

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi beýanat berdi

1516556
Azerbaýjan Ermenistanyň hüjümini yzyna serpikdirdi

Ermenistanyň goşuny, ylalaşyga garamazdan front liniýanyň tapawutly ugurlary boýunça Azerbaýjanly esgerlere we asuda halkyň ýaşaýan ýerlerine od açdy. 

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, ýaragly çaknyşyklaryň esasan hem front liniýanyň Hojawend, Fuzuli we Gubadly ugurlarynda dowam edýändigi aýan edildi. 

Azerbaýjanyň harbylary Ermenistanyň goşunynyň hüjümleriniň öňüni aldy, ýitgi çeken ermeni esgerler yza serpikdirildi. 

Ermenistanyň 18-nji moto atyjylyk diwiziýasynyň ştabynyň Azerbaýjanyň goşuny tarapyndan ýok edilendigi, ýogalan ermeni harbylaryň arasynda diwiziýanyň serkerdesiniň hem bardygy mälim edildi. 

Front liniýanyň tapawutly ugurlary boýunça Ermenistanyň goşunyna degişli 1 sany T-72 taňkynyň, 4 sany D-30 we 3 sany D-20 gaubisasynyň, 1 sany Osa zenit ýaragynyň, 1 sany Grad raketasynyň, 1 sany radar stansiýasynyň we 6 sany awtoulagynyň ýok edilendigi, köp sanda esgeriň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi habar berildi 

Front liniýasyndaky ýagdaýyň Azerbaýjanyň gözegçiligindedigi mälim edildi. 



Degişli Habarlar