Milli Goranmak Ministri Akar Gazagystana Bardy

“Dost we doganlyk ýurtlar hökmünde gatnaşyklarymyzy has-da pugtalandyrmalydyrys”

1516109
Milli Goranmak Ministri Akar Gazagystana Bardy

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar resmi sapar bilen Gazagystana bardy. Ministr Akar Gazagystanyň paýtagty Nur Sultanda Goranmak ministri Nurlan Ýermekbaýew bilen duşuşdy.

Iki kärdeş özara duşuşykdan soň toparara gepleşiklere ýolbaşçylyk etdi.

Hulusi Akar Gazagystan bilen harby tälim, hyzmatdaşlyk hem-de goranyş senagaty boýunça edilýän gatnaşyklaryň pugtalanmak bilen dowam etjekdigini belledi.

Akar “Harby gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň ýurtlarymyz we ýaragly güýçlerimiz taýdan peýdaly boljakdygyna ynanýaryn” diýdi.

Sebitde başdan geçirilýän wakalara garamazdan pursat tapyp Gazagystana gelen Hulusi Akara sagbolsun aýdan Gazagystanyň Goranmak ministri Nurlan Ýermekbaýew hem “Dost we doganlyk ýurtlar hökmünde gatnaşyklarymyzy has-da pugtalandyrmalydyrys” diýdi.

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar resmi saparynyň çäginde Gazagystanyň Senagat we İnfstruktura ministrligine hem bardy.

 

 

 



Degişli Habarlar