Ermenistanyň hüjümlerinde ýogalan Azerbaýjanly asuda raýatlaryň sany artdy

Ýogalan adamlaryň 18-i zenan, 10-synyň bolsa çagadygy habar berildi

1516064
Ermenistanyň hüjümlerinde ýogalan Azerbaýjanly asuda raýatlaryň sany artdy

Ermenistanyň Azerbaýjanyň asuda halkyň ýaşaýan ýerlerine toplar we raketalar bilen guran hüjümlerinde asuda ilatdan ýogalan adamlaryň sany 65-e, ýaralanan adamlaryň sany bolsa 297-ä ýetdi. 

Azerbaýjanyň Baş Prokuraturasy 27-nji sentýabrdan 26-njy oktýabra çenli Ermenistanyň hüjümleri sebäpli halkyň asuda ilatynyň arasynda ýogalan we ýaralanan adamlaryň sany barada maglumat berdi. 

Şoňa laýyklykda ady agzalan wagt aralygynda asuda ilatdan 65 Azerbaýjanly ýogaldy, 297 adam bolsa ýaralandy. 

Ýogalan adamlaryň 18-i zenan, 10-synyň bolsa çagadygy habar berildi. 

Ýaralanan adamlaryň 69-synyň zenanlardan, 32-siniň bolsa çagalardan ybaratdygy aýan edildi. 



Degişli Habarlar