Ersin Tatar saýlawdan soň çykyş etdi

DKTR-nyň täze Prezidenti Ersin Tatar, saýlawyň resmi bolmadyk netijeleriniň aýan edilmeginden soň, Milli Birlik partiýasynyň Lefkoşa şäherindäki merkeziniň öňünde çykyş etdi

1511559
Ersin Tatar saýlawdan soň çykyş etdi

Çykyşyny halka sag bolsun aýdyp başlan Ersin Tatar, Kipr türk halkynyň öz ygtyýary bilen özüni Prezident hökmünde saýlandygyny habar berdi. 

"Maňa ses beren we bermedik ähli adamlara minnetdarlyk bildirýärin. Biz üçin möhüm zat daşlaşmak däl, eýsem agzibirlik, jebislik we bütewilik içinde DKTR-nyň has gowy günlere ýetirmek, çagalarymyza, ýaşlarymyza bu topraklarda howpsuz gelejek goýup gitmek üçin işlemekdir" diýip bellän Ersin Tatar: "Täze görnüş koronawirus sebäpli döwlet maliýe ulgamynda başdan geçirilen kynçylyklar etabynda Türkiýäniň beren goldawy sebäpli Prezident Rejep Taýýip Erdogana we Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaýa minnetdarlyk bildirýärin" diýip beýan etdi. 

"Bu ýerden bütin dünýä ýüzlenmek isleýärin, Kiprli türkler bardyr, mundan soň hem bar bolar we özygtyýarlylyklaryny bütin dünýä ýetirerler" diýip bellän Ersin Tatar: "Kipriň demirgazygynda çözgüt modeli nähili bolsa bolsun biz bardyrys we mundan soň hem bar bolmaga dowam ederis. Hiç wagt DKTR bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklary goparyp bilmezler. Bu topraklarda hem medeni, hem ykdysady, hem syýasy taýdan Kirp türk halky öz döwletiniň üçeginiň astynda bar bolmaga baky dowam eder. Esasy zat jogapkärçiligimizi bilip şolara düşünmek we duzaklara düşmzelik" diýip habar berdi. 

Ersin Tatar, Kipriň Grek bölegine hem ýüzlenme berip: "Hawa Kiprda ylalaşyga açykdyrys, emma bu ylalaşygyň şertlerini Kipr türk halky öz ygtyýary bilen kabul eder" diýip belledi. 



Degişli Habarlar