Ermenistanyň Hüjümlerinde Ýogalan Asuda Ilatyň Sany 61 Adama Ýetdi

Ermenistanyň hüjümlerinde 1846 öý, 90 bina we döwlet eýeçiligine degişli 341 bina hatardan çykaryldy

1511987
Ermenistanyň Hüjümlerinde Ýogalan Asuda Ilatyň Sany 61 Adama Ýetdi

 

Ermenistanyň, Azerbaýjanda ilatly ýerlere guraýan top we raketa hüjümlerinde häzire çenli 61 adam ýogaldy, 282 adam hem ýaralandy.

Sentýabr aýynyň 27-si bilen oktýabr aýynyň 19-y aralygynda Ermenistanyň Azerbaýjanda ilatly ýerlere guraýan hüjümlerinde asuda ilatdan 61 adam ýogaldy, 282 adam hem ýaralandy.

Ermenistanyň hüjümlerinde 1846 öý, 90 bina we döwlet eýeçiligine degişli 341 bina hatardan çykaryldy.

Azerbaýjanyň goşunlary, Ermenistanyň ilatly ýerlere ot açandygy sebäpli 27-nji sentýabrda operasiýa başladypdy.

Basyp alan ýerlerini ýitirýän Ermenistan, Azerbaýjanda ilatly ýerlere guraýan top we raketa hüjümlerini dowam etdirdi.

Ermenistan bilen Azerbaýjan, Russiýanyň paýtagty Moskwada geçirlen gepleşiklerde 10-njy oktýabrdan ýerli wagt bilen 12.00-dan başlap Daglyk Garabagdaky jesetleriň we ýesirleriň çalyşygy üçin gumanitar maksatly ylalaşyk gazanypdy.

Ermenistanyň goşunlarynyň ylalaşygyň yzy ýanyndan heniz 24 sagat geçmänkä Azerbaýjanyň Genje şäherine guran raketa hüjüminde asuda ilatdan 10 adam ýogalypdy, 35 adam hem ýaralanypdy.

15-nji oktýabrda Terter şäherinde gonamçylygy nyşana alan Ermenistanyň hüjüminde 4 adam ýogalypdy, 4 adam hem ýaralanypdy.

Genje şäherine 17-nji oktýabrda raketalar bilen hüjüm eden Ermenistan asuda ilatdan 13 adamyň ýogalmagyna, 50 adamyň hem ýaralanmagyna sebäp boldy.



Degişli Habarlar