Ermenistan Asuda Ilaty Nyşana Almaga Dowam Edýär

Ermenistan Azerbaýjanyň Genje we Mingeçewir şäherlerine raketa hüjümini gurady

1510645
Ermenistan Asuda Ilaty Nyşana Almaga Dowam Edýär
azerbaycan.jpg
azerbaycan gence.jpg
azerbaycan.jpg

 

Ermenistanyň goşunlary düýn gije Azerbaýjanyň Genje we Mingeçewir şäherlerine raketa hüjümini gurady.

Hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä, asuda ilatdan 12 adam ýogaldy.

Genjede raketalaryň düşen ýerleri haraba öwrüldi.

Harabalygyň aşagynda galan asuda ilatyň halas edilmegi üçin işe girişildi.

Azerbaýjanyň Prezidentiniň kömekçisi Hikmet Hajiýew, Twitterden beren habarnamasyda, Ermenistana täze raketa ulgamlarynyň daşalandygyny we ilatly ýerlere ot açylandygyny nygtady.

Genjä guralan hüjümde 20-den gowrak öýüň ýykylandygyny aýdan Hajiýew, hüjümiň Ermenistanyň terror syýasatyny görkezýändigini belledi.

Hajiýew hüjümde 12 adamyň ýogalandygyny, 40-den gowrak adamyň hem ýaralanandygyny nygtady.

Hikmet Hajiýew, Ermenistanyň Skud kysymly “Elbrus” balistiki raketalar bilen asuda ilaty nyşana alandygyny ýatlatdy.

Ermenistanyň goşunlarynyň Mingeçewir şäherine atan raketalarynyň Azerbaýjanyň howa goranyş ulgamlary tarapyndan hatardan çykarlandygy belledildi.



Degişli Habarlar