Gyrgyzystanyň Syýasy Ýagdaýy Dartgynly Bolmagynda Galýar

Gyrgyzystanyň Parlamendi Prezident Sooronbaý Jeenbekowyň wezipesinden çekilmek baradaky arzasyny tassyklady

1510516
Gyrgyzystanyň Syýasy Ýagdaýy Dartgynly Bolmagynda Galýar

Kanat Isaýewiň ýolbaşçylygynda 120 orunlyk parlamentiň agzalary, ýurdyň paýtagty Bişkek şäherinde adatdan daşary ýagdaýyň ortadan aýrylmagy we Prezidentiň wezipesinden çekilmegi meselesini maslahatlaşmak üçin Ala-Arça köşgüniň Kongres merkezinde ýygnandylar. 

Deputatlaryň üýşen merkeze Jeenbekow, Mejlisiň başlygy Kanat Isaýew we Premýer ministr Sadyr Japarow bilen birlikde girdiler. 

Maslahatda ýurdyň paýtagty Bişkek şäherinde adatdan daşary ýagdaýyň ortadan aýrylmagy we Prezident tarapyndan düýn kabul edilen wezipesinden çekilmek baradaky karar biragyzdan kabul edildi. 

Merkezde soňky gezek çykyş eden Jeenbekow, wezipä 15-nji oktýabrda 3 ýyl dolandygyny belläp, ýurtda parahatçylygy üpjün etmek we jemgyýetde bölünmäniň öňüni almak üçin wezipesinden çekilmek barada karar kabul edendigini habar berdi. 

Soňky günlerde başdan geçirilen hadysalary kanuny taýdan çözmek üçin elinden gelenini edendigini aýdan Jeenbekow, özüne goldaw berip ýüzlenme ugradan halkyna, Russiýa, Gazagystan, ABŞ, Britaniýa ýaly ýurtlar bilen birlikde BMG-e, Ýewropa Bileleşigine we Türki dilli halklaryň hyzmatdaşlyň geňeşine minnetdarlyk bildirdi. 

Mejlisiň başlygy Isaýew hem, Prezidentiň ygtyýaryny Premýer ministre geçirmek barada karar kabul edendigini aýan etdi. 



Degişli Habarlar