Gyrgyzystanda Syýasy Dartgynlyk Dowam Edýär

Jeenbekowyň wezipesinden çekilmeginden soň Japarowyň tarapdarlary, parlamentiň öz-özüni dargatmagyny talap edipdiler

1509987
Gyrgyzystanda Syýasy Dartgynlyk Dowam Edýär

Gyrgyzystanda tussaghanadan çykarylanyndan soň Premýer ministr wezipesine getirilen, Ata Ýurt partiýasynyň ozalky deputaty Sadyr Japarow, Prezident Sooronbaý Jeenbekowyň wezipesinden çekilmeginden soň, Prezident ygtyýarynyň özüne geçendigini habar berdi. 

Premýer ministrlik binasynyň öňünde ýygnanan tarapdarlaryna ýüzlenip çykyş eden Sadyr Japarow, Sooronbaý Jeenbekowyň wezipesinden çekilmeginden soň, Mejlisiň başlygy Kanat Isaýewiň Prezident wezipesini ýerine ýetirmäge taýar bolmandygyny beýan eden arza ýazandygyny belläp: "Şeýlelik bilen Prezidentiň ygtyýary maňa geçdi" diýip habar berdi. 

Sadyr Japarowyň çykyşyny aýdym-saz bilen belläp geçen tarapdarlary, ýurdyň milli senasy ýerine ýetirileninden soň bolsa dargamaga başladylar. 

Gyrgyzytanda 4-nji oktýabrda geçirilen parlament saýlawlarynyň netijesini kabul etmeýän oppozisioner partiýanyň tarapdarlarynyň geçiren demonstrasiýalaryň bidüzgünçiliklere öwrülmeginden soň, Prezident köşgi we Parlament binasy talanypdy edilipdi. 

Saýlawyň netijesini kabul etmeýän demonstrantlaryň käbirleri, Japarowy tussaghanadan çykaryp, wagtlaýyn Premýer ministr hökmünde yglan edipdiler. Prezident Sooronbaý Jeenbekow bolsa mejlisden ynam sesini alan Japarowyň Premýer minstrliginde gurulan Ministrler kabinetiniň täze agzalarynyň düzümini tassyklanyndan soň, wezipesinden çekilipdi. 

Jeenbekowyň wezipesinden çekilmeginden soň Japarowyň tarapdarlary, parlamentiň öz-özüni dargatmagyny talap edipdiler. 



Degişli Habarlar