Täjigistanda Prezident Saýlawy Geçirildi

Sesleriň 50 göterimden gowragyny alan dalaşgär ýurduň täze prezidenti bolar

1507086
Täjigistanda Prezident Saýlawy Geçirildi

 

Täjigistanda düýn prezident saýlawy geçirildi.

Saýlawda häkimiýetiň başyndaky Halk Demokrat partiýasy tarapyndan dalaşgärlige hödürlenen Prezident Imomali Rahmon, Daýhanlar partiýasynyň lideri Rustam Latifzade, Sosýalist partiýasynyň lideri Abduhalim Gaffarzade, Ykdysady Reformalar partiýasynyň lideri Rustam Rahmatzade bilen Komunist partiýasynyň lideri Miraž Abdulloýew bäsleşdi.

Bellige alynan 4 million 943 müň saýlawçy, 3 müň 375 saýlaw merkezinde ses berdi.

Merkezi Saýlaw komissiýasynyň başlygy Bahtiýar Hudaýarzade, ýerli wagty bilen 15.00-a çenli jemi saýlawçylaryň 70,71 göteriminiň ýagny 3 million 495 müň 215 saýlawçynyň ses berendigini mälim etdi.

Bahtiýar Hudaýarzade sesleriň 50 göterimden gowragyny alan dalaşgäriň ýurduň täze prezidenti boljakdygyny nygtady.

Ýurduň häzirki prezident Imomali Rahmon soňky gezek 2013-nji ýylyň 6-njy dekabryna geçirlen saýlawda sesleriň 83,92 göterimini alyp 4-nji gezek prezidentlige saýlanypdy.



Degişli Habarlar