Jeenbekow Premýer-ministriň we Hökümetiň Işini Bes Etmek Hakyndaky Permana Gol Çekdi

Ýurtda syýasy dartgynlyk dowam edýär

1506085
Jeenbekow Premýer-ministriň we Hökümetiň Işini Bes Etmek Hakyndaky Permana Gol Çekdi

Gyrgyz Respublikasynyň Metbugat merkezinden berilen ýazmaça beýannamada Prezidenti Sooronbaý Jeenbekowyň Premýer-ministri Kubatbek Boronowyň wezipeden çekilmek hakyndaky arazasyny kabul edendigi, şeýlelikde hökümetiň işiniň bes edilendigi habar berildi.

Ministrler kabinetinin täze hökümet gurulýança işini dowam etdirjekdigi mälim edildi.

Jeenbekow beýleki bir perman bilen bolsa Gyrgyzstanyň Milli howpsyzlyk guramasynyň Başlygy Orozbek Opumbaýewi hem wezipeden boşatdy.

Täze premýer-ministriň saýlanmagy üçin 120 kürsüli parlament karar kabul etmeli.

Ýurtda 4-nji oktýabrda geçirilen saýlawyň netijesini ykrar etmedik 12 syýasy partiýanyň tarapdarlary 5-nji oktýabrda geçiren aksiýalaryndan soň Prezidentiň kompleksini we mejlisi ele geçiripdi.

Halk deputatlarynyň sişenbe günki maslahatynda saýlawyň öň ýanyndan bäri nirededigi bilinmeýän Premýer-ministri Kubatbek Boronowyň wezipeden çekilýändigi hakyndaky golly arzasy halk köpçüliginiň dykgatyna ýetirilipdi.

Tussaghanadan çykarylan ozalky halk deputaty Sadyr Japarow halk deputatlarynyň özüni wagtlaýyn premýer-ministrlige saýlandygyny öňe sürüp, hökümetiň binasyna gelipdi.

Saýlawyň netijesiniň bes edilmegi üçin 5-nji oktýabrda aksiýa geçiren partiýalar bolsa Japarowy ykrar etmän, wagtlaýyn hökümetde Ata meken partiýasynyň dalaşgäri Tilek Toktogaziýewe wezipe berilmegini talap edipdi.

Ministrler kabinetinin binasyna gözegçiligini dowam etdiren taraplar hâkimiýet dawasyna tutluşypdy.

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbek Jeenbekow ýurtda ýüze çykan syýasy dartgynlyk hakynda: “Men ýurtda hukuk düzgünleri kadalaşan badyna wezipeden çekilmäge taýar” diýipdi.

 



Degişli Habarlar