Gyrgyzystanyň Mejlisiniň Başlygy Jumabekow Bilen Premýer Ministr Boronow Wezipesinden Çekildi

Mejlisiň Başlyklyyna halk deputaty Myktybek Abduldaýewi we wagtlaýyn Premýer ministrlige bolsa Sadyr Japarowy saýlady

1504192
Gyrgyzystanyň Mejlisiniň Başlygy Jumabekow Bilen Premýer Ministr Boronow Wezipesinden Çekildi

 

Gyrgyz Respublikasynda geçirlen saýlawyň netijelerini kabul etmedik oppozisionerleriň ýörişleri dowam edýär, beýleki tarapdan Mejlisiň Başlygy Dastanbek Jumabekow bilen Premýer ministr Kubatbet Boronow wezipesinden çekildi.

Saýlaw çäklendirmesini geçip bilmedik syýasy partiýalaryň guramaçylygynda Jumabekowyň ýolbaşçylygyndaky mejlisiň agzalaryndan ybarat Baş Assambleýanyň maslahaty Bişkekdäki Dostluk myhmanhanasynda geçirildi.

Maslahatda Mejlisiň Başlygy Dastanbek Jumabekow bilen Premýer ministr Kubatbet Boronow wezipesinden çekiländigi baradaky arzalary görkezildi.

Mejlisiň agzalary Mejlisiň Başlyklygyna halk deputaty Myktybek Abduldaýewi we wagtlaýyn Premýer ministrlige bolsa Sadyr Japarowy saýlady.



Degişli Habarlar