Prezident Erdogan DKTR-nyň Premýer ministrini kabul etdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan DKTR-nyň Premýer ministri Ersin Tatary kabul etdi

1504025
Prezident Erdogan DKTR-nyň Premýer ministrini kabul etdi

Paýtagt Ankara şäherindäki duşuşyga Wise-prezident Fuat Oktaý hem gatnaşdy. 

Beýleki tarapdan Erdogan "DKTR-ni Suw bilen üpjün etmek taslamasynyň turba liniýasynyň abatlaýyş işlerinden soň suw ugradylmaga başlanmagy bilen bagly dabarada" wideo aragatnaşyk arkaly eden çykyşynda: "Biz üçin Gündogar Ortaýer deňiz meselesiniň 2 ugry bardyr. Birinjisi Türkiýäniň kontinental şelfindäki hukuklarynyň goralmagy, ikinjisi bolsa Kiprdäki türk halkynyň adanyň töweregindäki tebigy baýlyklar bilen baglanşykly hak we bähbitleriniň kepillik astyna alynmagydyr" diýip belledi. 

Erdogan: "Geçirilen soňky ÝB maslahatynda Kiprdäki türk halkyna äsgermezçilik edlýändigine şaýat boldyk. Türkiýe bu adalatsyzlygyň dowam etmegine rugsat bermez" diýdi. 

Prezident Erdogan: "Öňümizdäki döwürde geçirilmegi meýilleşdirilýän Gündogar Ortaýer deňiz konferensiýasynda Kiprdäki türkler hökmany ýagdaýda hak edişleri ýaly wekilçilik edilmelidir" diýip belledi. 

Erdogan, Türkiýäniň DKTR-ny syýasy we ykdysady ýagdaýda global ulgamyň deňhukukly we hormatly bir agzasy bolýança çenli tagallalaryny dowam etdirmekde tutanýerlidiklerini habar berdi. 

DKTR-nyň Premýer ministri Ersin Tatar hem dabarada eden çykyşynda, penşenbe güni irden Ýapyk Maraş sebitiniň kenarynyň ulanmaga başlanjakdygyny mälim etdi. 


Etiketkalar: #Ersin Tatar , #DKTR , #Erdogan

Degişli Habarlar