Gyrgyz Respublikasynda Şertler Dartgynlaşýar

Gyrgyz Respublikasynda 4-nji oktýabrda geçirilen parlament saýlawynyň netijelerine garşy geçirilen protest aksiýalarynda 1 adam ýogaldy, 590 adam ýaralandy

1503627
Gyrgyz Respublikasynda Şertler Dartgynlaşýar

Protestçiler düýn agşam Prezident köşküni we onuň içinde ýerleşýän parlamentiň jaýyny ele geçirdiler.

Merkezi Saýlaw Topary tarapyndan 7 göterimlik saýlaw çäklendirmesini geçmändigi beýan edilen 12 partiýanyň tarapdarlary saýlawyň netijeleriniň bes edilmegini talap edip, paýtagt Bişkekdäki Ala-Too meýdanynda protest aksiýalaryny geçirdi.

Polis sany 5 müňden geçýändigi beýan edilen demonstrantlary dargatmak üçin gaz we ses bombalaryndan peýdalandy.

Daşlar we taýaklar bilen şäher häkimliginiň ýangyn söndüriji hem-de zir-zibil ýygnaýyjy ulaglaryny polisleriň üstüne süren demonstrantlar polisiň çekilmeginden peýdalanyp Prezident köşküni we onuň içinde ýerleşýän mejlisiň binasyny ele geçirdi.

Protestçileriň bir bölegi Prezident köşkünde galan bolsa, beýleki bir bölegi Ala-Too meýdanyna we syýasy tussaglaryň bolýan tussaghanasyna gitdiler.

Ala-Too meýdanyndaky protestçiler “Prezident köşküni aldyk” we “Almazbek Atambaýew hem-de Sadyr Japarow boşadylmaly” diýip, çagyryş etdiler.

Demonstrantlar basyp alan tussaghanasyndan ozalky Prezident Almazbek Atambaýewi çykaryp, tarapdarlaryna gowşurdy.

Prezidentiň köşküniň ýokarky gatlarynda ertiriň irki sagatlarynda näbelli sebäplerden ýangyn başlady.

Ýangyn söndürijiler ýangyny söndürdiler we binada sowadyş işleri dowam edýär.

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Jeenbekow Prezident köşküni we mejlisiň binasyny basyp alan demonstrantlaryň arkasynda durýan güýçlere ýüzlenip; “Şertleriň agyrlaşmagynyň öňüni almak üçin degişli ähli çäreleri gördük. Döwletiň we halkyň durnuklylygy halk deputatlygynyň mandatyndan has ýokarydyr” diýdi.

Ýurtdaky ýagdaýa gözegçilik edýändigini öňe süren Jeenbekow ähli syýassy güýçleri ýurduň bähbitlerini we bähbitlerinden ileri tutmaga hem-de kanunlary berjaý etmäge çagyrdy.

Jeenbekow wakalaryň arkasynda durýan syýasy partiýalaryň liderlerinden tarapdarlaryny köşeşdirmeklerini, mähelläni dargatmaklaryny, öz tarapdarlaryndan bolsa meçew bermelerden çetde durmaklaryny talap etdi.



Degişli Habarlar