Azerbaýjanyň Goşuny, 2300-e Golaý Ermeni Esgerini Täsirsiz Ýagdaýa Getirdi

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginiň beýannamasynda, düýn gije çaknyşyklaryň dowam edendigi nygtaldy

1499885
Azerbaýjanyň Goşuny, 2300-e Golaý Ermeni Esgerini Täsirsiz Ýagdaýa Getirdi

Azerbaýjanyň goşuny, basyp alyşlyk astyndaky ýerlerini halas etmek üçin başladan garşy hüjüminde 2300-e golaý ermeni esgerini täsirsiz ýagdaýa getirdi.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginiň beýannamasynda, düýn gije çaknyşyklaryň dowam edendigi nygtaldy.

Beýannamada, sentýabr aýynyň 27-30-y aralygynda 2300 ermeni esgeriniň ölendigi ýada ýaralanandygy, 130-a golaý tankyň we sowutly ulagyň, 200-den gowrak topuň we raketa ulgamynyň, 25-e golaý howa goranyş ulgamynyň, 5 harby merkeziň, 5 ýarag ammarynyň we 55 ulagyň hatardan çykaryldy nygtaldy.

Düýnki çaknyşyklarda basyp alyşlyk astyndaky Hojawend welaýatynyň Şuşakend etrabynda Ermenistana degişli 1 S-300 howa goranyş ulgamynyň hem hatardan çykarlandygy bellenildi.

Beýannamada Madagiz etrabynyň golaýynda bir ýere jemlenşen ermeni güýçleriniň şu gün ir ertir guran hüjüminiň öňüniň alynandygy nygtaldy.

Beýannamada ähli front liniýasynda harby operasiýalaryň dowam edýändigi ýatladyldy.

Beýleki tarapdan Azerbaýjanyň goşunynyň, basyp alyşlyk astyndaky ýerlerini halas etmek üçin başladan garşy hüjüminde, Agdere-Terter ýolunda ermeni güýçlerini gabaw astyna alandygy bellenildi.

Ermenistanyň goşunynyň, Azerbaýjanyň Terter şäherine guran hüjüminde infstruktura zeper ýetirlendigi we asuda ilatdan ýaralananlaryň bardygy nygtaldy.



Degişli Habarlar