Ermenistan-Azerbaýjan Front Liniýasynda Çaknyşyklar Dowam Edýär

Çaknyşyklar düýn gije dowam etdi

1499077
Ermenistan-Azerbaýjan Front Liniýasynda Çaknyşyklar Dowam Edýär

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, ermeni güýçleriniň Fuzuli-Jebrail we Agder-Terter etraplarynda ýitiren ýerlerini yzyna almak üçin hüjüm guramaga synanşandygy nygtaldy

Beýannamada, Azerbaýjanyň goşunynyň şol etraplarda ermeni hüjümleriniň öňüni alandygy ýatladyldy.

Beýannamada, düýn gije dowam eden çaknyşyklarda, ermeni güýçleriniň Agdere etrabynyň Madagiz etrapçasyna tarap barýan sowutly ulag kerweni bilen olara goldaw berýän topçu batareýasynyň Azerbaýjanyň Howa we Gury ýer güýçleri tarapyndan hatardan çykarlandygy nygtaldy.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginden berlen beýannamada Fuzuli-Jebrail liniýasynda ir ertir Ermenistana degişli 1 tank bilen harby ulagyň hatardan çykarlandygy, 10- golaý esgeriň hem täsirsiz ýagdaýa getirlendigi bellenildi.

Beýannamada güýçli çaknyşyklaryň dowam edýändigi, Ermenistanyň ýaragly güýçleriniň agyr ýiti çekýändigi we sebitden çekilmäge zorlanýandygy ýatladyldy.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginiň başga bir beýannamasynda bolsa Fuzuli şäheriniň ermeni güýçlerinden saplanmagy üçin başladylan operasiýanyň dowam edýändigi bellenildi we ir ertir Ermenistanyň ýaragly güýçlerine degişli ýene-de 4 tankyň hatardan çykarlandygy nygtaldy.



Degişli Habarlar