Aliýew Erdogana Sagbolsun Aýtdy

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew ermeni hüjümlerine garşy berýän goldawy üçin Prezident R.T.Erdogana sagbolsun aýtdy

1498970
Aliýew Erdogana Sagbolsun Aýtdy

Azerbaýjanyň döwlet Ýolbaşçysy Ilham Aliýew Ermenistanyň hüzümlerine garşy Azerbaýjana goldaw beriji beýannamalary üçin Prezident R.T.Erdogana sagbolsun aýtdy.

Azerbaýjanyň Prezidentiniň kömekçisi Hikmet Hajyýew Prezident R.T.Erdoganyň “Halkara Deňizler Hukugy we Gündogar Ortaýer Deňizi Simpoziumyndaky” çykyşynda Ermenistan-Azerbaýjan front liniýasynda ýüze çykan wakalar boýunça beren beýannamasynyň Azerbaýjanda kanagatlanma döredendigini aýtdy.

Azerbaýjanyň Prezidenti İlham Aliýewiň Erdogana sagbolsun aýdandygyny beýan eden Hajyýew: “Ermenistanyň guran hüjüminiň ilkinji sagatlarynda Erdoganyň başda durmagynda Türkiýe hüjümi berk ýazgardy we goldawyny beýan etdi. Azerbaýjan halky şol goldawdan hoşal” diýdi.

Towuz welaýatyna guralan hüjümde-de Ermenistany ilkinji minutlarda berk ýazgaran ýurduň Türkiýedigini ýatladan Hajyýew: “Prezident Aliýew hem Azerbaýjanyň elmydama Türkiýäniň ýanynda durýandygyny nygtady. Azerbaýjan we Türiýe –bir millet, iki döwlet- şygaryna laýyklykda ähli ugurlarda arkalaşýar we elmydama birek-biregi ikirjiňsiz goldaýar” diýdi.



Degişli Habarlar