Aliýew we Makron front liniýasyndaky çaknyşyklary ara alyp maslahatlaşdylar

Ilham Aliýew, başdan geçirilen ähli hadysalaryň jogapkäriniň Ermenistanyň hökümetidigini beýan etdi

1498526
Aliýew we Makron front liniýasyndaky çaknyşyklary ara alyp maslahatlaşdylar

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, geçiren özara telefon söhbetdeşliginde, Ermenistan-Azerbaýjan front liniýasyndaky çaknyşyklary ara alyp maslahatlaşdylar. 

Azerbaýjanyň Prezidentligi tarapyndan berilen beýanata görä, Aliýewe telefon arkaly jaň eden Makron, Ermenistan-Azerbaýjan front liniýasynda bolýan çaknyşyklara alada bildirýändigini, meseläniň gepleşikler arkaly çözülmelidigini belledi. 

Ilham Aliýew Ermenistanyň hökümetiniň gepleşikler tapgyryny bilkastlaýyn ýagdaýda bozandygyny, Ermenistanyň Premýer ministri Nikol Paşinýanyň "Daglyk Karabag Ermenistanyňkydyr" diýip beýanat bermeginiň gepleşikler tapgyryna uly zarba salandygyny aýan etdi. 

Ermenistanyň goşunynyň 27-nji sentýabrda Azerbaýjanyň goşunyna we asuda halkyň ýaşaýan ýerlerine garşy agyr ýaraglar bilen hüjüm gurandygyny, neijede harbylaryň we asuda halkyň arasynda adam pidalarynyň bolandygyny aýdan Aliýew, Azerbaýjanyň goşunynyň bulara jogap hökmünde garşylyk görkezip, hüjüme geçendigine ünsleri çekdi. 

Ilham Aliýew, başdan geçirilen ähli hadysalaryň jogapkäriniň Ermenistanyň hökümetidigini beýan etdi. 



Degişli Habarlar