Türkiýe Ermenistanyň Azerbaýjana Guraýan Hüjümlerine Reaksiýa Bildirýär

Berilen baýannamalarda Türkiýäniň Azerbaýjany doly goldaýandygy nygtalýar

1497973
Türkiýe Ermenistanyň Azerbaýjana Guraýan Hüjümlerine Reaksiýa Bildirýär

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop sosial media ulgamy Twitter arkaly beren habarnamasynda Türkiýäniň Azerbaýjany bar güýji bilen goldamaga dowam etjekdigini ýazdy.

Şentop habarnamasynda: “Asuda ilata guralan soňky hüjüm Ermenistanyň diňe bir Azerbaýjana garşy däl howp däl, eýsem bütin sebitiň parahatçylygy üçin ylalaşyksyz terror döwletidigini görkezdi we ýüze çykjak netijeleriň ýeke-täk jogapkäridir. Türkiýe Azerbaýjany bar güýji bilen goldamaga dowam eder” diýdi.

Prezidentiň metbugat Sekretary Ibrahim Kalyn hem Twitter arkaly beren habarnamasynda Ermenistanyň ilatly ýerlere hüjüm etmek bilen, ylalaşygyň düzgünlerini bozýandygyny belläp: “Halkara jemgyýetçiligi şeýle howply meçew bermeleriň öňüni almaly. Türkiýe şol hüjümlere garşy Azerbaýjany goldaýar. Hüjümlerde ýogalan doğanlarymyza alladan rehnet dileýäris. Azerbaýjan ýeke däl. Türkiýäniň doly goldawyna eýe” diýip ýazdy.

Adalat we ösüş partiýasynyň metbugat sekretary Ömer Çelik bolsa Twitter hasabyndan beren habarbanamasynda Ermenistanyň Azerbaýjana guraýan hüjümlerini berk ýazgaryp: “Ermenistan ýene-de bir gezek hukuga äsgermezçilik edip, hüjüm gurady. Ermenistana tabynlykdaky ganhor toparlar şol gumanitar jenaýat işleýär. Halkara jemgyýetçiligi Ermenistana reaksiýa bildirmeli” diýdi.

 



Degişli Habarlar