DKTR-de 30-njy awgust Ýeňiş baýramy mynasybetli dabara geçirildi

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynda (DKTR) 30-njy awgust Ýeňiş baýramy we Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň güni mynasybetli dabara geçirildi

1481590
DKTR-de 30-njy awgust Ýeňiş baýramy mynasybetli dabara geçirildi

Ýurdyň paýtagty Lefkoşa şäherinde Atatürk ýadygärliginde geçirilen dabara hormatly dymyşlyk, Milli senanyň ýerine ýetirilmegi we Atatürk ýadygärliginiň ýörite depderine gol çekmek bilen başlady. 

Dabarada Prezident Mustafa Akynjy, Atatürk ýadygärliginiň ýörite depderine: "Eziz Atatürk 30-njy awgust Ýeňiş baýramynyň 98-nji ýylynda ýene-de siziň öňüňizde we ýörelgeleriňe bolan egsilmez ynanjymyz bilen seni ýene-de bir gezek hormat bilen hatyralaýarys. Esaslandyran ýurdyň bolan Türkiýe Respublikasy, seniň ýörelgeleriň çäginde baky ýaşamaga dowam eder, öňüne çykan islendik kynçylygyň hötdesinden gelip demokratik, dünýewi we döwrebap bir hukuk döwleti hökmünde has parlak bir gelejege tarap ösüşini dowam etdirer. Şol pikirler bilen seni ýene-de bir gezek uly hormat bilen hatyralaýarys" diýip belledi. 



Degişli Habarlar