Ukraina Türk Geňeşinde synçy ýurt bolmak isleýär

Emine Jeppar, Türk Geňeşi guramasynda synçy ýurt bolmak isleýändiklerini mälim etdi

1477465
Ukraina Türk Geňeşinde synçy ýurt bolmak isleýär

Ukrainanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Emine Jeppar, Krymyň Russiýa tarapyndan bikanun ýagdaýda anneksiýa etmegini gün tertibe getirmek üçin Türk Geňeşi guramasynda synçy ýurt bolmak isleýändiklerini habar berdi. 

Ukrainanyň mediasynda berilen habara görä, Ukrainanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Emine Jeppar, Türk Geňeşi guramasynda synçy ýurt bolmak isleýändiklerini mälim etdi. 

Türk Geňeşiniň, Krym we Krym Tatarlary meselesini gün tertibe getirip biljekleri halkara bir platformadygyna ünsleri çeken Emine Jeppar, mundan başgada Krymdaky howpsuzlyk meseleleri bilen bagly Kiýewde maslahat geçirmegi meýilleşdirýändiklerini aýan etdi. 



Degişli Habarlar