DKTR-nyň Premýer-Ministri Fransiýany Ýazgardy

Premýer-ministr Tatar Fransiýanyň Kiprde dartgynlygyň artmagyna sebäp bolýandygyny beýan etdi

1474381
DKTR-nyň Premýer-Ministri Fransiýany Ýazgardy

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Premýer-ministri Ersin Tatar Fransiýanyň Kipriň grek bölegine harby goldaw berip, parahatçylyga däl, eýsem dartgynlygyn artmagyna sebäp bolýandygyny beýan etdi.

Ersin Tatar ýazmaça beýannamasynda, Fransiýanyň Kipriň grek bölegi bilen 2017-nji ýylyň 4-nji aprelinde gol çekişen “Goranyş pudagyndaky hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ylalaşygyň” 1-nji awgustda güýje girendigini ýatlatdy.

Kipr türkleriniň deň derejeli şärigi bolan Kipr Respublikasynyň 1963-nji ýylyň 21-nji dekabrynda grekleriň ýaragly hüjümleri sebäpli türkleriň kowulmagy netijesinde ýykylandygyny nygtan Tatar; “Günorta Kiprdääki döwlet grek döwleti. Şeýlelikde Kipriň grek böleginiň hamala biziň şärik bolan Kipr Respublikasy dowam edýän ýaly halkara şertnamalara gol çekmäge dowam etmeği halkara hukugy taýdan uly kemçilik bolmagynda galýar” diýdi.

Tatar Fransiýanyň bu şertleri bilýändigine garamazdan grekler bilen şertnama baglaşmagynyň 1960-njy ýyldaki ylalaşyklara bap gelmeýändigi we şol ylalaşyklaryň taraplaryň arasynda ýola goýan deňagramlylygy bozýandygy sebäpli howply başlangyçdygyny nygtady.

Premýer-ministr Ersin Tatar beýannamasynda: “Fransiýa Kipriň grek bölegine harby goldaw berip, parahatçylyga däl, sebitde dartgynlygyň artmagyna, Kipr meselesiniň çykgynsyzlaşmagyna hyzmat edýär. Eýsem Fransiýa BMG-niň Howpsyzlyk geňeşiniň agzasy we parahatçylygyň üpjün edilmegi ýa-da dowam etmegi ýaly meselelerde uly jogapkärçilige eýe. Fransiýanyň şu hakykatlara laýyklykda grek dolanşygyna beren harby goldawlary sebäpli ýazgaryp, pozisiýasyny dessine seljermäge çagyrýaryn” diýdi.

 



Degişli Habarlar