Mewlüt Çawuşogly azerbaýanly kärdeşi bilen duşuşyk geçirdi

Prezidentiň Kompleksinde geçen duşuşyk takmynan 45 minut dowam etdi

1471102
Mewlüt Çawuşogly azerbaýanly kärdeşi bilen duşuşyk geçirdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Gündogar Ortaýer deňizinde hem Türkiýäniň hem-de Kiprdäki türkleriň hukuklaryny soňuna çenli gorajakdyklaryny we ol meselede egilşik etmejekdiklerini habar berdi. 

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen paýtagt Ankara şäherinde geçiren umumy metbugat ýygnagynda, Gündogar Ortaýer deňizindäki soňky hadysalaryň üstünde durup geçdi. 

Mewlüt Çawuşogly, Gündogar Ortaýer deňizinde Türkiýäniň kontinental şelfiniň günbatar serhetlerine rugsat berilip, buraw işleriniň dowam etdiriljekdigini habar berdi. 

Azerbaýjan bilen bir millet iki döwlet düşünjesi bilen hyzmatdaşlyk edýändiklerini we mundan soň hem şol düşünje bilen işleşjekdiklerini aýdan Mewlüt Çawuşogly, şol çäkde iki ýurdyň arasyndaky söwda kuwwadynyň 15 milliard dollara ýetirilmeginiň hökmanydygyny beýan etdi. 

Mewlüt Çawuşogly, Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky ikitaraplaýyn maýa mukdarynyň artandygyny belläp, Türkiýede esasan hem energetika ugrundaky iň uly taslamalary Azerbaýjanyň durmuşa geçirýändigini aýan etdi. 

Mewlüt Çawuşogly, Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda dartgynlyk babatynda bolsa: "Ermenistan ylalaşygyň tarapdary däl we ol hüjümlerini dowam etdirýär. Azerbaýjan haýsy çözgüdi saýlasa onuň ýanynda bolarys" diýip belledi. 

Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow hem beren beýanatynda, Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça özgerýändigini, söwda kuwwadynyň hem artýandygyny aýan etdi. 

Ondan soň bolsa Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow, Prezident Rejep Taýýip Erdogan tarapyndan kabul edildi. 

Prezidentiň Kompleksinde geçen duşuşyk takmynan 45 minut dowam etdi. 



Degişli Habarlar