Türkiýe bilen Azerbaýjan tarapyndan geçirilýän "TurAz bürgüdi 2020" türgenleşigi dowam edýär
Beýanatda uçarmanlaryň bellenen wezipeleri üstünlikli ýagdaýda ýerine ýetirendigi mälim edildi
1470422
Türkiýe bilen Azerbaýjanyň Ýaragly güýçleriniň gatnaşmagynda Azerbaýjanda geçirilýän "TurAz bürgüdi 2020" atly harby türgenleşigi dowam edýär
Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, harby türgenleşikde F-16 uçarlary bilen Azerbaýjana degişli harby uçarlaryň meýilnama laýyklykda iki uçar we köpçülikleýin häsýetde uçuşlar amala aşyrandygy habar berildi.
Beýanatda uçarmanlaryň bellenen wezipeleri üstünlikli ýagdaýda ýerine ýetirendigi mälim edildi.
Degişli Habarlar
Gazagystanda Sil Apaty Sebäpli 5 Adam Ýogaldy
Abaý welaýatynda ýiten 2 adamyň tapylmagy üçin gözleg işleri dowam edýär.